Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykda iki rekordy täzeledi

Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykda iki rekordy täzeledi

Ýaponiýaly tennisçi Naomi Osaka bir duşuşykdaky eýs urgularynyň sany boýunça möwsümiň rekordyny täzeledi.

Has takygy, ol şu günler ABŞ-nyň Maýami şäherinde dowam edýän Masters ýaryşyşynyň ýarym finalynda 18 gezek eýs urgusyny amala aşyrdy. Möwsümdäki ozalky rekord ýakynda karýerasyny tamamlan awstraliýaly tennisçi Eşli Barta degişlidi. Ol Adelaidadaky ýaryşda bir duşuşykda 17 gezek eýs urgusyny amala aşyrdy.

Şeýle hem ýaponiýaly tennisçi Maýamidäki ýaryşyň iň pes reýtingli finalçysyna öwrüldi. Ozal hut şu ýaryşda finala çykan iň pes reýtingli tennisçi belgiýaly Kim Kliýstersdi. Ol şonda dünýäniň 38-nji raketkasydy. Osaka bolsa häzir WTA-nyň 77-nji basgançagynda.

Ýene degişli makalalar

5 ýyldan soň tennise dolanýar
Meksikada täze rekord
GYSGA SETIRLERDE
Möwsümi Barti jemledi
Ýaponiýada Jokowiç, Hytaýda Tim ýeňiş gazandy
Polşaly tennisçi Swýontek yzly-yzyna üçünji ýaryşy utdy