Ýaponiýada ýerli we daşary ýurtly talyplara türkmen dili öwrediler

Ýaponiýada ýerli we daşary ýurtly talyplara türkmen dili öwrediler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda berilýän habara görä, Ýaponiýada türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge isleg bildirýänler üçin Sukuba uniwersitetiniň ylmy işgäri Masahiro Oku tarapyndan okuw sapaklary geçiriler.

Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň adam resurslaryny ösdürmek taslamanyň (NipCA Project) çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda we 27-nji iýunynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň professory Tosinobu Usuýama, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgäri Masahiro Oku Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin dürli mowzuklar, şol sanda, ýapon we türkmen dillerini deňeşdirmek boýunça ýörite leksiýalarynyň okadylandygy barada bellemek gerek.

Habarda bellenilişi ýaly, Ýaponiýada türkmen diliniň öwrenilmegini ilerletmek üçin Masahiro Oku bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň uçurymy Jennet Rozykulyýewa tarapyndan 2023-nji ýylyň iýul aýynda Ýapon dilinde türkmençe gepleşik kitapaçasy atly täze okuw gollanmasy taýýarlanyldy.

Ýene degişli makalalar

ÝAPONIÝADA TÜRKMEN DILINI ÖWREDÝÄN OKUW DERSLERI BAŞLANÝAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi
Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi