Ýaponiýanyň Suzuki we Skydrive kompaniýalary bilelikde uçýan awtoulaglaryň önümçiligine başladylar. Bu barada kompaniýalaryň habarnamasyna salgylanýan TASS habar berdi.
SKYDRIVE (SD-05) atly ulag bilen Osaka şäherinde geçjek Expo-2025 sergisinde tanyşdyrarlar.
Biz uçýan ulagyň önümçiligine ýarym ýyldan gowrak taýýarlandyk. Biz howa gatnawynda özgerişlik etmek ugrunda has-da yhlasly işläris diýip, Skydrive kompaniýasynyň başlygy Tomohiro Fukudzawa gürrüň berdi.
SKYDRIVE (SD-05) howa ulagy uçarmany goşmak bilen, üç adamlykdyr. Ulag 12 sany elektrik hereketlendirijisi bilen üpjün edilip, kese we dik uçmaga ukyplydyr. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 100 kilometr, uçuş uzaklygy 15 kilometre deň.
Uçýan ulag 2026-njy ýyldan başlap, satuwa çykarylar. Munuň üçin ol ýörite synaglardan geçirilip, degişli güwänama alar.