ÝAPONIÝADA TÜRKMEN DILINI ÖWREDÝÄN OKUW DERSLERI BAŞLANÝAR

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba

uniwersitetinde 2023-nji ýylyň sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini

öwredýän okuw dersleriniň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Ýaponiýada türkmen dilini, edebiýatyny we medeniýetini öwrenmäge isleg bildirýänler üçin Sukuba uniwersitetiniň

ylmy işgäri Masahiro Oku tarapyndan okuw sapaklary geçiriler.

Ýaponiýada türkmen diliniň öwrenilmegini ilerletmek üçin Masahiro Oku bilen Döwletmämmet Azady adyndaky

Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň uçurymy Jennet Rozykulyýewa tarapyndan 2023-nji

ýylyň iýul aýynda “Ýapon dilinde türkmençe gepleşik kitapçasy” atly täze okuw gollanmasy taýýarlanyldy.

Ýaponiýanyň Nippon gaznasynyň Merkezi Aziýanyň we Ýaponiýanyň adam resurslaryny ösdürmek taslamanyň

(NipCA Project) çäklerinde 2023-nji ýylyň 26-njy maýynda we 27-nji iýunynda Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň

professory Tosinobu Usuýama, şeýle hem bu ýokary okuw mekdebiniň ylmy işgäri Masahiro Oku Döwletmämmet

Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ýapon dili bölüminiň talyplary üçin dürli mowzuklar, şol

sanda, ýapon we türkmen dillerini deňeşdirmek boýunça ýörite leksiýalarynyň okadylandygyny bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Ýaponiýada ýerli we daşary ýurtly talyplara türkmen dili öwrediler
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi
Aşgabatda Sukuba uniwersitetiniň prezidenti kabul edildi
Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynda russiýaly sirk artistleriniň gezelenç çykyşlary başlandy, Leýli Ökdirowa Astrahanda geçiriljek Hazar möwsümleri festiwalynda çykyş eder we beýleki habarlar
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi