Ýaponiýada türkmen dili öwredilip başlanyldy

Ýaponiýada türkmen dili öwredilip başlanyldy

Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde türkmen dilini öwretmek boýunça okuwlar başlandy. Okuwlara ýapon we daşary ýurtly 50-den gowrak talyp gatnaşýar diýlip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Uniwersitetiň ýolbaşçylary bu çäräniň medeni we ynsanperwerlik pudagynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň güýçlenmegine we giňelmegine goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler. Türkmen dilini öwrenmek ýapon ýaşlaryna Türkmenistanyň medeniýetine we däp-dessurlaryna has gowy düşünmäge mümkinçilik berer, şeýle hem ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösmegine ýardam eder.

26-njy sentýabrda uniwersitete Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Atadurda Baýramow baryp gördi. Ilçi saparyň dowamynda okuw prosesi bilen tanyşdy we Türkmenistanyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Magtymguly Pyragy barada ýazan täze goşgusyny okady.

Ozal Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýän Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetinde sentýabr aýyndan başlap ýapon we daşary ýurt talyplary üçin türkmen dilini öwredýän okuw dersleriniň başlanmagynyň meýilleşdirilýändigi barada habar beripdik.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiziň kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Ýaşlar — Watanyň daýanjy atly kitabyň ýapon dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
Türkmen-ýapon gatnaşyklary ösdürilýär
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň prezidentini kabul etdi
Gahryman Arkadagymyzyň Ömrümiň manysynyň dowamaty atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi