Ýaponiýada sakura gülledi

Ýaponiýada sakura agajy gülläp başlady, şonuň bilen bilelikde ol ýerde syýahatçylygyň iň gyzgalaňly möwsümi başlandy. Ýurtda 27-nji martda sakura agajynyň güllemeginiň baýramçylygy bellenip geçildi.Sakuranyň güllemegi hakyky bahar paslynyň gelendigini alamatlandyrýar.

Müňlerçe jahankeşdeler ak-gülgün gülleriň açylyşyny syn etmek üçin bahar paslynyň ilkinji aýynda Ýaponiýa gelýärler. Gadymy ýapon däplerine laýyklykda, gülleriň açylyşyny synlamaga “hanami” diýlip at berlipdir.Gülleriň açylýan möwsümi ume ýapon garalysynyň güllemegi bilen başlaýar.

Ol ilkibaşda Sidzuoka we Odaware prefekturalaryny gurşap alýar, soňra beýleki sebitlere ýaýrap gidýär. Ýapon garalasy bir hepde 10 gün aralykda gül açýar.Soňra sakura agajy gülleýär.Haçan-da agaçda 5-6 reňkde gül açylanda, gülleriň açylýan güni diýlip yglan edilýär.

Bir hepdeden bäri, Günüň dogýan ýurdunda sakura agajy gülleýär. Ýaponlar şu günlerde meýdana çykyp, tebigatyň ajaýyplyklaryny synlaýar. Şu ýyl sakura agajy ozalkylara garanyňda, birneme öňräk gülledi.Sakuranyň güllemegi Tokio şäherinde aprel aýynyň birinji hepdesiniň ahyryna çenli dowam edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly okuwçylar Tokiodaky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
Ir gunçalan daragt
Dünýädäki iň gadymy baýramçylyklar
Ýaponiýada sakura gülledi
Olimpiýa alawy tutaşdyryldy
Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy
Gülgün-mämişi göwher 29,3 million dollara satyldy