Ýaponiýada sakura gülledi

Bu ýyl Ýaponiýada sakura agajynyň ozalky ýyllardakydan has ir gülländigi habar berildi.Adatça, bu agaçlaryň gülleri martyň ahyryna çenli doly açylýar.Gülläp bark urmanyň iň ýokary derejesi aprel aýynyň başynda bolup, ýurduň ähli seýilgähleri gülgüne begrese bürenýär.

Gülleýiş adatça, 10 günläp dowam edýär.Sakura, köpleriň pikir edişi ýaly, ülje däldir.Bu ösümlik ýabany garaly agajynyň bir görnüşidir.

Ýaponlar we daşary ýurtly syýahatçylar bu agajy gaty gowy görýärler we oňa aýratyn ideg edýärler.Sakura gadymy döwürlerden bäri ýapon şahyrlaryny ylham çeşmesi bolupdyr.Geçen ýyl hem sakuranyň mart aýynda gunçalandygy habar berlipdi.

Sakura gülüniň ilkinji gunçalamasynyň wagty 1953-nji ýyldan bäri hasaba alynýar.Adatça, bu agajyň gülleýän döwründe köpler wagtlaryny oňat geçirmek üçin sakura seýilgähinde gezelenç edýärler.Sakuranyň gülleýän döwri sakura seýilgählerine gezelençleriň wagty hasaplanýar.

Sakura agşam çagy tomaşa etmek has-da lezzetli. Çünki seýilgähler gülgüne reňkli bu agaçlary has-da gözelleşdirýän yşyklandyryş ulgamy bilen abzallaşdyrylýar.

The post Ýaponiýada sakura gülledi appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly okuwçylar Tokiodaky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar
Ýaponiýada sakura gülledi
Ir gunçalan daragt
Dünýädäki iň gadymy baýramçylyklar
Olimpiýa alawy tutaşdyryldy
Ýaponiýanyň Sakuradzima wulkanynda partlama boldy