Ýaponiýada öndürilen tehnikalaryň Türkmenistana getirilmegi maslahatlaşyldy

Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon toparynyň ýapon tarapyndan Başlygy, “Itochu Corporation” kompaniýasynyň ýolbaşçysy Hiroýuki Subaý bilen 2021-nji ýylyň mart aýynyň 25-ine hepdäniň penşenbe güni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gepleşik geçirdi.

Onuň barşynda Ýaponiýada öndürilen ýer gazýan hem-de awtomobil tehnikasynyň Türkmenistana getirilmegine gyzyklanma bildirýän ýapon kompaniýalary bilen hyzmatdaşlyk etmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar berşine görä, onlaýn maslahata ýurdumyzyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň hem-de “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Habarda bellenilişi ýaly, gepleşigiň dowamynda köp ýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň hem-de Tokio şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň 14-nji mejlisini geçirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.Mundan başga-da, iki ýurduň bilelikdäki maýa goýum taslamalaryna we beýleki meselelerine garaldy.

Türkmen-ýapon gatnaşyklaryny ösdürmekde ýokary derejedäki gatnaşyklara möhüm orun berilýär.Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2009-njy, 2013-nji, 2015-nji hem-de 2019-njy ýyllarda Ýaponiýa amala aşyran resmi we iş saparlary döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda ähmiýetli wakalara öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-ýapon hyzmatdaşlygy giňeldilýär
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň mejlisi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Ýaponiýa iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY
РАБОЧИЙ ВИЗИТ ПРЕДСЕДАТЕЛЯ ХАЛК МАСЛАХАТЫ МИЛЛИ ГЕНГЕША ТУРКМЕНИСТАНА В ЯПОНИЮ
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Türkmenistan we Ýaponiýa birnäçe ikitaraplaýyn resminamalara gol çekdi