Ýaponiýada naharyň tagamyny gowulandyrýan akylly çemçe satuwa çykaryldy

Ýaponiýada naharyň tagamyny gowulandyrýan akylly çemçe satuwa çykaryldy

Ýaponiýadaky kompaniýalaryň biri naharyň tagamyny gowulandyrýan akylly çemçäni satuwa çykardy diýip, Oddity Central neşiri habar berdi.

Elecisspoon diýlip at berlen akylly çemçäni Kirin Holdings tehnologiýalar kompaniýasy döretdi. Inženerleriň gürrüňine görä, olaryň oýlap tapan aşhana enjamy nahary hakykatdakydan has duzly we tagamly etmek üçin elektrik impuslaryny ulanýar. Bu berhiz tutýan we ýuwan tagam iýýän adamlara kömek eder diýip, olar belleýärler.

Elecisspoon çemçesiniň elekrik täsirliligini sazlaýan dört derejesi bar, oýlap tapyjylar onuň iň ýokary derejesiniň hem adam üçin zyýansyzdygyny aýdýarlar.

Emma kompaniýa ýüz nerwisinden, metallara allergiýadan ejir çekýänlere we lukmançylyk implantlary bolanlara, şeýle-de hamyla aýallara akylly çemçäni ulanmazlygy maslahat berýärler.

Ýene degişli makalalar

21-nji maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Garabogaz şäherçesindäki karbamid öndürýän zawodda 270 million manatlyga golaý önüm öndürildi
Miweleriň we gök önümleriň şiresi
Gazagystanda “Merkezi Aziýa-Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty geçirildi
“Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň işewürlik maslahaty
Ukraina-Russiýa urşunda çaknyşyklar güýçlendi