Ýaponiýada Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogynyň Sammitine taýýarlyk görmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

23-nji iýulda Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Ýaponiýanyň Daşary işler ministri Ýoko Kamikawa Tokio şäherinde Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň bu ýurtdaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň gün tertibine 2024-nji ýylyň awgustynda Astana şäherinde geçiriljek Merkezi Aziýa+Ýaponiýa Dialogynyň ilkinji Sammitiniň guramaçylyk meseleleri girizildi. Şunuň bilen birlikde, taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça özara gatnaşyklaryň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, ýokary derejedäki Sammit alty taraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin möhüm itergi berer.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy
Türkmenistan Merkezi Aziýa + Ýaponiýa görnüşindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýär
26-njy iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi
Türkiýe-ÝB Ýokary Derejeli Söwda Dialogynyň Maslahaty Öz Işine Başlaýar
Tokioda Merkezi Aziýa Ýaponiýa işewürler dialogy geçirildi