Ýaponiýada kämillik ýaşy resmi taýdan 20-den 18-e çenli peseldildi. Degişli kanun 2018-nji ýylda ýurduň hökümeti tarapyndan tassyklandy. Şeýle üýtgetmeler Ýaponiýanyň Raýat kodeksine onuň 140 ýyl mundan ozal kabul edileni bäri ilkinji gezek girizildi diýip, TASS habar berýär.
Kanunyň güýje girmegi bilen baglylykda 18 we 19 ýaşyndaky ýaponiýalylar karz resminamalaryna we dürli şertnamalara, hususan-da jaý kärendesine almak ýa-da aragatnaşyk hyzmatlaryny ulanmak üçin şertnama bilen ykjam telefonyny satyn almak üçin gol çekmäge özbaşdak hukuk alarlar. Şeýle-de, indi 18 ýaşdan iki raýatlygyň bolsa, raýatlygy özbaşdak saýlamak bolar.
Ýaşlaryň arasynda berginiň ýokarlanmagy bilen bagly ätiýaçlyk sebäpli Ýaponiýanyň häkimiýetleri 18 we ondan uly ýaşlylara berilýän sarp ediş karzlarynyň barlagyny güýçlendirmek isleýärler. Karz berýänler girdeji derejesine laýyk gelmeýän bergi borçnamasynyň toplanmagynyň öňüni almak maksady bilen aýda bir gezek görkezilen ýaş kategoriýasy üçin berlen karzlar barada Ýaponiýanyň Maliýe hyzmatlary agentligine maglumat bermeli.
Mundan başga-da, Ýaponiýada nikalaşmagyň ýaş çäkleri hem üýtgedilýär. Häzire çenli 20 ýaşdan kiçi bolan kämillik ýaşyna ýetmedikler diňe ene-atanyň razylygy bilen öýlenip ýa-da durmuşa çykyp bilýärdiler: oglanlar 18 ýaşdan, gyzlar 16 ýaşdan. Indi nika ýaşy hemmeler üçin deň bolýar (18 ýaş), kämillik ýaşyna ýetilenden soň ene-atanyň razylygy talap edilmeýär.