Ýaponiýada howa menzilleriniň biriniň uçuş zolagynda partlama boldy

Ýaponiýada howa menzilleriniň biriniň uçuş zolagynda partlama boldy

Ýaponiýanyň Miýadzaki welaýatynyň Miýadzaki howa menziliniň uçuş zolagynda entek sebäbi anyklanmadyk görnüşde partlama boldy.

Uçuş zolagynda diametri 7 metr we çuňlugy 1 metr bolan çukur emele geldi.

Wakada ýogalan ýa-da ýaralanan adam ýok, emma howpsuzlyk çäreleriniň çäginde ähli uçar saparlary togtadyldy.

Waka bilen baglanşykly derňew işi başladyldy.

Uçuş zolagynda II Jahan urşundan galan, partlamadyk ok-däriniň bolmagy ähtimallygyna garşy Saga welaýatynda ýerleşýän Ýaponiýanyň Goranmak güýçleriniň sapýor toparynyň Miýadzaki howa menziline ugradylandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Ikinji synanyşyk hem şowsuz boldy
Aşgabat ýurdumyzyň ýüregi
Aşgabatda Güneşli atly Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýeri kesgitlendi
Türkmenistanyň Prezidenti guşuçar belentlikden Aşgabatda gurulýan saglygy goraýyş desgalaryny synlady
Serdar Berdimuhamedow Aşgabatda Çagalar we ýetginjekler köşgüniň täze merkeziniň guruljak ýerini kesgitledi
Türkmenistan awiakompaniýasy Aşgabat — Abu-Dabi ugurlarynda uçuşlara başlar