Ýaponiýada geçýän tomusky Olimpiýa oýunlarynda Türkmenistanyň adyndan çykyş etmäge sportyň üç görnüşi boýunça bary-ýogy ýedi türgene mümkinçilik berildi diýip “Gündogar” abar berýär.
Neşiriň ýazmagyna görä, bu garaşsyzlyk ýyllary içinde Türkmenistanly türgenleriň Olimpiýadalara gatnaşygynyň iň ýaramaz görkezijisi bolup durýar.
Garaşsyz Türkmenistan üçin ilkinji Olimpiýada bolan 1996-njy ýylda Atlantada (ABŞ-da) geçen Olimpiýa oýunlaryna hem ýedi sany türgen gatnaşypdy. Emma, olar oýunlaryň alty görnüşi boýunça bäsleşipdiler.
2020-nji ýyl Tokiýo tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak hukugyny alanlar: Mergen Mämmedow ( ýeňil atletika), Gülbadam Babamyradowa (dzýudo), Rejepbaý Rejebow, Öwez Öwezow, Hojamuhammet Toýçiýew, Kristina Şermetowa we Polina Gurýewa dagynyň ählisi (agyr atletika) boýunça çykyş ederler.
Olimpiýa oýunlary 23-nji iýuldan 8-nji awgust aralygynda geçiriler. Bu oýunlar 2020-nji ýylda geçirilmelidi. Emma, koronawirus ýokanjy sebäpli, 2021-nji ýyla çenli gaýra süýşürilipdi.
Emma, ol “Tokiýo-2020”, 2020-nji ýyldaky tomusky Olimpiýa oýunlary adyny saklap galdy.
“Türkmen.news” neşiri Türkmenistanyň resmi toparyna premýer-ministriň orunbasary we prezidentiň ogly Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylyk etjekdigini habar berýär.The post Ýaponiýada geçýän Olimpiýada bary-ýogy 7 sany Türkmenistanly türgen çagyryldy first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.