Ýaponiýada boýy 4,5 metr robot bilen tanyşdyryldy

Ýaponiýada boýy 4,5 metr robot bilen tanyşdyryldy

Ýaponiýada boýy 4,5 metre deň bolan robot-transformer bilen tanyşdyryldy diýip, Habar 24 ýazýar.

Robotyň agramy 3,5 tonna deň. Tokioly inženerler tarapyndan döredilen robota Arhaks diýip at berdiler. Onuň awtoulag iş düzgüni bolup, bat alanda sagatda 10 kilometr, adaty ýagdaýda 2 kilometr tizlikde hereket edýär.

Awtorobot sürüji üçin kabina bilen üpjün edilip, onda monitor, dolandyrmak üçin joýstikler we pedallar bar.

Tokioda şeýle maşynlaryň ýene 5-sini döretmek isleýärler, olaryň biriniň bahasy 3 million dollara golaý bolar. Olaryň ilkinjisi şu aýyň ahyrynda Japan Mobility Show sergisinde tanyşdyrylar.

Önümçilikçi kompaniýa öz robotlarynyň tebigy betbagtçylyklarda kömek bermek üçin ýa-da kosmos pudagynda peýdalanyljakdygyna umyt bildirýär.

Ýene degişli makalalar

26-njy iýunda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Kriptopuly kabul eder
Halkara awiakompaniýalaryň birnäçesi 5G zerarly ABŞ-a uçuşlary ýatyrmakçy
Altyn ieroglifi Ýaponiýada 2021-nji ýylyň nyşany boldy
Ýaponiýada ömrüň ortaça dowamlylygy ýokarlanýar
TURKMENISTAN AND UNOPS: NEW LANDMARKS OF COOPERATION FOR THE ATTAINMENT OF THE SUSTAINABLE DEVELOPMENT GOALS