Ýaponiýanyň günbatarynda ýerleşýän Işikawa welaýatynda we Noto Ýarym adasynda bolan ýer titremesinde ýogalanlaryň sany 64 adama ýetdi.
Ýaponiýanyň Meteorologiýa gullugynyň berýän habaryna görä, 1-2-nji ýanwarda Işikawanyň Noto Ýarymadasynda 5-7 bal ululygynda birnäçe ýer titremesi boldy.
Ýer titremesi zerarly gara ýollarynyň çökendigi, sebitde käbir binalara zeper ýetirlendigi, agyz suwynyň we elektrik togynyň kesilendigi bellenildi.
Ýer titremesinde 64 adamyň ýogalandygy nygtaldy.
Ýerli häkimlikler harabalygyň aşagynda köp sanly adamyň bardygyny, gözleg we halas ediş işleriniň güýçli depginde dowam edýändigini mälim etdi.
Ýaponiýanyň Premýer-ministri Kişida Fumio, gözleg we halas ediş işlerine gatnaşýan hünärmenleriň sanynyň artdyrlandygyny belledi.
Kişida, “Sebitde yzygiderli ýagdaýda ynsanperwer kömegi berilýär” diýdi.