Kin (altyn) iýeroglifi Ýaponiýada tamamlanyp barýan ýylyň nyşany hökmünde saýlandy. Bu barada Report habar berýär. Munuň bilen baglylykda, Ýaponiýanyň Kioto şäherindäki buddaçylygyň Arassa suwuň hramynda çäre guraldy.
Altyn iýeroglifi umumymilli pikir soralyşygyň netijesinde ýylyň nyşany saýlandy. Muňa ýurduň ykbalynda tamamlanyp barýan ýylda altyn bilen bagly birnäçe wakalar sebäp boldy. Olaryň hatarynda ýapon türgenleriniň Parižde geçen
Olimpiadada şowly çykyş etmekleri, Liberal-demokratik partiýada maliýe hasabatlylygy babatda düzgünbozmalar bilen bagly uly gopgun we ýurduň Sado adasyndaky altyn we kümüş känleriniň ÝUNESKO-nyň medeni sanawyna girizilmegi bar.
Däbe görä, ýylyň nyşanyny kagyza ybadathananyň baş ruhanysy Seýhan Mori çyzdy. Ýylyň nyşanyny kesgitlemek 1995-nji ýyldan bäri dowam edýär. Häzirki dabara 30-njy gezek geçirildi. Ses berlişige 221 müňden gowrak adam gatnaşdy.