Ýaponiýa, Russiýa tarapyndan guralýan hüjümler sebäpli ykdysady taýdan agyr günleri başdan geçirýän Ukraina 13 milliard ýenlik ýagny 100 million dollarlyk karz bermek üçin şertnama baglaşdy.
Ýapon hökümeti, 24-nji fewraldan bäri dowam edýän rus hüjümleri sebäpli Ukraina maliýe kömegini bermäge dowam edýär.
Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk geňeşiniň başlygy Tanaka Akihiko bilen Ukrainanyň Maliýe ministri Sergii Marçenko wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirdi.
Tanaka bilen Marçenko duşuşykda, Ýaponiýanyň Ukraina 13 milliard ýenlik karz bermegi barada şertnama baglaşdy.
Baglaşylan şertnama üçin minnetdarlyk bildiren Marçenko, Ukrainanyň diňe ýurdunyň garaşsyzlygy üçin däl eýsem tutuş Ýewropanyň howpsyzlygy üçin göreşýändigini belledi.