Tokio-2020 oýunlaryny geçirmek üçin Ýaponiýanyň näçe möçberde serişde sarp edendigi mälim boldy. Oýunlaryň Guramaçylyk komitetiniň Baş sekretary Tosiro Muto Olimpiadany guramak üçin ýurduň 15,4 milliard dollar serişde sarp edendigini aýtdy.
Olimpiýa oýunlaryny geçirmek üçin Ýaponiýanyň we Tokionyň Hökümetiniň çykdajysy umumylykda 15,4 millard dollara deň boldy diýip, HOK-nyň 138-nji mejlisinde Muto aýtdy. Şeýle-de pandemiýa sebäpli yza süýşürilendigi üçin ol oýunlaryň býujetiniň üýtgändigini belledi.
Olimpiadany geçirmek üçin howpsuz gurşawy döretmek maksady bilen, goşmaça 900 million dollar sarp edildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Ýosihide Suga bolsa ýurduň pandemiýa şertlerinde howpsuz Olimpiadany geçirip biljekdigini dünýä ýüzüne subut etmegiň möhümligi baradaky çagyryş bilen çykyş etdi.
Dünýä ýüzi uly kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz boldy.Muňa garamazdan, biz oýunlary üstünlikli geçirip bileris. Ýaponiýa muny tutuş dünýä görkezmeli.Biz ýurduň ýaşaýjylarynyň saglygyny we howpsuzlygyny gorarys.
Pandemiýa sebäpli Olimpiýa oýunlaryna çenli geçilen ýol Ýaponiýa üçin kyn boldy.Käwagtlar biz başgaça ugurlardan hereket etdik. Ýöne sanjymlaşdyrma başlandy, ahyrsoňy biz uzyn tunnelden çykalgany görýäris diýip, Premýer-ministr Tokioda Halkara Olimpiýa komitetiniň agzalary bilen geçiren duşuşygynda aýtdy.