Ýaponiýa koronawirus sebäpli Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi

Ýaponiýa koronawirus sebäpli Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi

Ýaponiýa futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionatyny geçirmekden ýüz öwürdi. Bu barada ýurduň Futbol federasiýasynyň web saýtyna salgylanyp, sport-express.ru habar berdi.

Çeşmäniň bellemegine görä, bu karar koronawirus pandemiýasy bilen baglanyşykly çäklendirmeler sebäpli FIFA bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde kabul edildi. Taraplar ýurtda koronawirus bilen kesellän adamlaryň sanynyň köpelmegi we tomaşaçyly sport ýaryşlaryny geçirmegiň çäklendirilmegi sebäpli, ýaryşy başga bir ýurda geçirmegi maksada laýyk hasapladylar. Täze ýer baradaky karar FIFA tarapyndan indi kabul ediler.

Futbol boýunça Klublaýyn dünýä çempionaty 2021-nji ýylyň dekabrynda Ýaponiýada geçirilmelidi. Häzirki wagtda oňa Angliýadan "Çelsi", Müsürden "Al-Ahli" we Täze Zelandiýadan "Oklend" toparlarynyň gatnaşjakdygy mälim boldy. Beýleki gatnaşyjylaryň bolsa indi kesgitlenilmegine garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Serdar Berdimuhamedow Hökümetiň giňişleýin mejlisini geçirdi, Türkmen howa ýollary Aşgabat Moskwa ugry boýunça dowamly ýolagçy gatnawlaryny dikelder, Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk güni bellenildi we beýleki habarlar
Radukanu tennise dolanýar
Dünýäde Täze ýyly ilki bolup, Kiribati garşylady
Dünýä Kubogy “Türkmenistan sport” teleýaýlymynda görkeziler
Iň gowy şäherler sanawy düzüldi
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Oklenddäki haýwanat bagynda haýwanlara sanjym edilip başlandy