Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlularyň ýurda girmegini 7-nji fewrala çenli doly gadagan edýär diýip, Tokioda geçirilen metbugat maslahatynda premýer-ministr Ýosihido Suga habar berdi. Mundan öň 11 ýurtdan we sebitden işewürler üçin düzgünler birneme gowşadylýardy, ýöne ýapon häkimiýetleri olary aýyrmak kararyna geldiler. Muny kommersant.ru ýetirýär.
Belläp geçsek, 28-nji dekabrdan ýanwar aýynyň ahyryna çenli Ýaponiýanyň häkimiýetleri koronawirusyň täze ştamynyň tapylmagy bilen baglanyşykly dünýäniň ähli ýurtlarynyň we sebitleriniň raýatlaryna täze wiza bermegi bes etdiler.Häzir Ýaponiýa bu ýerde hemişelik ýaşaýan hem-de uzak möhletli wizasy bolan ýapon raýatlary we daşary ýurtlular girip bilýär.
Jons Hopkins uniwersitetiniň maglumatlary boýunça, Ýaponiýada COVID-19 keselli 302 müň adam hasaba alyndy. 4 müň adam ýogaldy.