Ýaponiýa Bilen Hytaýyň Arasynda Uçar Krizisi…

Ýaponiýa Bilen Hytaýyň Arasynda Uçar Krizisi…

Ýaponiýanyň NHK teleýaýlymynyň berýän habaryna görä, Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi, Hytaýyň harby goşunyna degişli Ý-9 kysymly harby uçaryň düýn ýerli wagt bilen 11.29-da Gündogar Hytaý deňizindäki Danžo adalarynyň golaýynda ýapon howa giňişligine girendigini habar berdi.

Beýannamada, uçaryň 2 minuda golaý Ýaponiýanyň howa giňişliginde galandygy nygtaldy.

Harby uçarlaryň degişli gaýtawuly görkezmek üçin herekete geçmeginden soň Hytaýa degişli uçaryň ýapon howa giňişliginden çykandygy ýatladyldy.

Ýaponiýanyň Goranmak ministrligi, ilkinji gezek ýapon howa giňişligini basgylan Hytaýyň maksadyna düşünmäge çalyşýandyklaryny mälim etdi.

Daşary işler ministrligi hem Hytaýyň Ýaponiýadaky geňeşçi ilçisi Şi Ýinge ýapon howa giňişliginiň basgylanmagy sebäpli protest notasyny berdi.

Ýene degişli makalalar

Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi
Ýens Stoltenberg, Galla Krizisiniň Çözülmeginde Uly Rol Oýnan Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Eýranda Sil Sebäpli 18 Adam Pida Boldy
Galla Krizisi Çözülýär
ABŞ, Prezident Erdoganyň Galla Krizisiniň Çözülmegi Üçin Edýän Tagallasyndan Hoşal
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny