Ýaponiýa Hytaýyň täsirini artdyran Hindi-Ýuwaş umman sebitinde howpsuzlyk ugrunda hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, Beýik Britaniýa bilen harby hyzmatdaşlyk boýunça ylalaşyk resminamasyny baglaşar.
Hindi-Ýuwaş umman sebitinde Hytaýyň täsirine garşy deňagramlylyk bilen bagly gözleglerini dowam etdirýän Ýaponiýanyň hökümeti, ABŞ bilen birlikde Ýewropa ýurtlary bilen hem hyzmatdaşlygyny artdyrmak üçin işe girişdi.
Beýik Britaniýanyň "Financial Times" gazediniň berýän habaryna görä, Beýik Britaniýa we Ýaponiýa howpsuzlyk hyzmatdaşlygyny artdyrmak maksady bilen, öňümizdäki aý harby goranyş ylalaşyk resminamasyna gol çekmäge taýarlyk görýärler.
Iki ýurduň arasynda "Özara ygtyýar ylalaşygy" atly gepleşikleriň dekabr aýynda netijelenmegine garaşylýar.
Gepleşikler Ýaponiýanyň Premýer ministri Kisida Fumionyň, Beýik Britaniýanyň ozalky Premýer ministri Boris Jondon bilen maý aýynda Londonda duşuşyk geçiren sammitlerinde başladylypdy.
Iki ýurduň täze harby uçary öndürmek bilen bagly hyzmatdaşlyk ähtimallygynyň jikme-jikliginiň hem ylalaşygyň düzümine goşulmagyna garaşylýar.
Amerikan "Enterprise Institute" guramasynyň howpsuzlyk hünärmeni Zak Kuper: "Ýaponiýa bilen Beýik Britaniýanyň arasyndaky Özara ygtyýar ylalaşygynyň taraplaryň arasyndaky umumy harby türgenleşikleri ýeňilleşdirer" diýip habar berdi.