Ýapon alymlary garrylyga garşy ilkinji dermany döretdiler

Ýapon alymlary garrylyga garşy ilkinji dermany döretdiler

Ýapon alymlary bedendäki garran öýjüklerden gutulmagyň ýoluny anyklamagy başardylar. Bu barada evo-rus.com habar berdi.

Tokio uniwersitetiniň Lukmançylyk ylmy-barlag institutynyň professory Makoto Nakanişiniň pikiriçe, innowasion lukmançylygy adamlary, elbetde, ölmez-ýitmez edip bilmez, ýöne ol köpleri ýyllaryň geçmegi bilen ýüze çykýan kesellerden halas edip biler.

Hünärmenler ýedi ýyl bäri "garry öýjükler" diýilýän zady, ýagny bölünmek ukybyny ýitiren öýjükleri öwrenýärler.Bu öýjükleriň, rak keseliniň öýjükleri ýaly, GLS1 fermentiniň hasabyna ýaşaýandygy ýüze çykaryldy. Ýapon alymlary garry öýjükleri ýok edip bilýän maddany döretdiler we eýýäm onuň kliniki synaglaryna başladylar.

Syçanlarda geçirilen synaglar dermanyň öýkeniň, bagryň we böwrekleriň işini dikeltmekdäki, şeýle hem bedeniň umumy tonusyny ýokarlandyrmakdaky täsirini görkezdi.Eger-de dermanyň adamlarda ulanmak üçin howpsuzlygy subut edilse, ony 5-10 ýyldan ulanmaga rugsat berler diýip, çeşme belleýär.

Ýene degişli makalalar

2025-nji ýylda şowlulygyň alamatlary: ýaşyl ýylan kime üstünlik we abadançylyk getirer
TMK-nyň Uly zalynda Sergeý Rahmaninowyň doglan gününiň 145 ýyllygyna bagyşlanan konsert boldy
Tilki bilen pişik
Astrolog Globa Türkmenistanda agdarylyşyk bolmak ähtimallygyny çaklaýar
Iň kiçi goşatoýnakly jandar
Artykmaç duz beýnä we ýürege zyýanly