Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar

Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar

Ýaponiýanyň Kioto we Fukui Uniwersitetleri uniwersitetiniň alymlary adamlarda täze diş çykarmaga mümkinçilik berýän dermany oýlap tapdylar. Bu ugurdaky ylmy barlaglaryň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi diýip, Report.az neşiri habar berýär.

Täze usul bedende USAG-1 genini baglaýan antitelalary işläp çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu gen öz nobatynda adamlarda we süýdemdirijilerde dişleriň ösüşini çäklendirýär. Täze diş çykarmaga ukyply bolan akulalarda we käbir gemrijilerde bu gen ilkibaşdan baglanandyr.

Alymlar USAG-1 geniniň beýleki genler bilen gatnaşykda dişleriň ösüşiniň öňüni almak üçin herekete girýändigini anyklap, bu özara hereketiň öňüni alýan derman serişdesini oýlap tapdylar. Indi geljekde adamlarda diş implantlaryny oturtmak zerurlygy bolmaz.

Dermany oýlap tapyjylar onuň geljek ýyldan adamlarda synag ediljekdigini hem-de 2030-njy ýyla çenli agyz boşlugynda täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini söz berýärler.

Ýene degişli makalalar

Akylly şäherler geljegiň şäheri
Alymlar plastik zäherleriň howany hapalamagyndan çekilýän ählumumy ýitgini hasapladylar
Hytaýly alymlar adamy göze görünmeýän edýän material oýlap tapdylar
Zeminde janly görnüşleriň iň köp ýaşaýan ýeri kesgitlendi
Agaçlar howpsuz araçägi saklaýar
Kiprdäki suwa düşülýän ýerleriň üçden bir bölegi doly ýok bolar