Geçen ýanwarda dünýäde azyk önümleriniň bahasy 2023-nji ýylyň dekabryndaky ýagdaý bilen deňeşdirilende, 1 göterim arzanlady diýip, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasyna salgylanýan Interfax.ru habar berdi.
Däne önümleriniň bahasy dekabrdaky bilen deňeşdirilende, 2,2 göterim arzanlady, muňa eksport edijileriň arasyndaky bäsdeşlik, şeýle hem Günorta ýarymşardan bazara bugdaýyň gelip gowuşmagy sebäp boldy.
Argentinada hasyly ýygnamak möwsümi başlan dessine mekgejöweniň nyrhy güýçli peseldi diýlip, nutukda bellenýär.
Etiň bahasy 1,4 göterim arzanlady, şunda pese gaçyşlyk eýýäm ýedi aý bäri hasaba alynýar. Guş etiniň arzanlamagy gowşak isleg we önümiň köpdügi bilen baglydyr. Doňuz eti, Hytaýyň öz önümçiligini ýola goýmagy bilen baglylykda, arzanlady, Goýun eti welin, import isleginiň artmagy netijesinde gymmatlady.
Ösümlik ýagynyň, esasan hem palma we günebakar ýaglarynyň bahasy 0,1 göterim gymmatlady.
Süýt önümleriniň bahasy dekabrdakydan üýtgemedi, mesgäniň we gury süýdüň bahasy aziýaly satyn alyjylar tarapyndan islegiň artmagy sebäpli gymmatlady, tersine, ýagsyz süýdüň we peýniriň nyrhlary arzanlady.
Braziliýada, Hindistanda we Tailandda şekerçiňriginiň hasylynyň pesdigi bilen baglylykda, şekeriň bahasy 0,8 göterim gymmatlady.