Ýanwarda doglanlar az sowgat alýarlar

Ýanwarda doglanlar az sowgat alýarlar

Ýanwar aýynda doglan adamlar beýleki aýlarda doglanlara garanyňda, az sowgat alýarlar. Bu bolsa köp adamyň Täze ýyl dynç alyşlaryndan soň, başdan geçirýän maliýe ýagdaýy bilen baglanyşykly diýip, Money saýtyna salgylanýan Daily.afisha.ru habar berýär.

Iňlisleriň Money maliýe platformasy tarapyndan geçirilen bu ugurdaky barlag ýanwar aýynda doglan gün sowgatlarynyň bahasynyň beýlekilerden ortaça 1300 ýewro möçberinde azdygyny görkezipdir. Pikir soraşma gatnaşanlaryň üçden biri bolsa ýanwarda bolýan doglan günleriň sowgatlary üçin pullaryny 34% az sarp edýändiklerini aýdypdyrlar.

Şahsy pul serişdeleri boýunça hünärmen Salman Hakki Täze ýyl dynç alyşlaryndan soň köp adamlaryň çykdajylary azaltmaga synanyşýandygyny düşündirýär. Bu bolsa sowgatlar, çäreler we oturylyşyklar ýaly zatlar üçin çykdajylary çäklendirip biler. Netijede, ýanwar aýynda doglan gününi belleýänler özlerini nägile duýup bilerler.

Mundan başga-da, geçirilen barlaglarda adamlaryň kakalaryna niýetlän sowgatlaryna garanyňda ejeleri üçin alan sowgatlaryna 16% köp pul sarp edýändigi mälim edildi. Maglumatlara ser salnanda, bu babatdaky çykdajylar söýgüli adamlaryna (ortaça 108 ýewro), soň çagalara (85 ýewro), şeýle hem ene-atalara (50 ýewro) sarp edilýär.

Ýene degişli makalalar

Daşary ýurtlardaky kollejlerde okaýan türkmen studentlerine pul ibermek gadagan edildi
“Azatlyk”: Türkmenistanda kollež studentlerine pul ibermek gadagan edildi
Türkmenistan: Raýatlaryň konwertasiýa edip bilýän pulunyň möçberi iki esse azaldyldy
“MoneýGramyň” Aşgabatdaky ofisi ýapyldy
Bankdan pul ugratmagyň we öýlerde ölçeýjileri oturtmagyň arasynda nähili baglanyşyk bar?
Bank hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmakda alyş-çalyş amallarynyň orny