Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 12,87 milliard manatdan geçdi

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanda nagt däl pul dolanyşygy 12,87 milliard manatdan geçdi

Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Türkmenistanda bank kartlary boýunça nagt däl pul dolanyşygynyň umumy möçberi 12 milliard 874,15 million manatdan geçdi. Bu barada Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň çap eden "Bank habarlary" atly elektron žurnalynda habar berilýär.

2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda terminallaryň üsti bilen amala aşyrylan nagt däl pul hasaplaşyklarynyň umumy möçberi 11 milliard 748 million 939 müň 513 manada ýetdi.

Merkezi bankyň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda “Elektron-söwda” ulgamlary arkaly 805 million 509,9 müň manatdan gowrak söwda edilip, “Mobil bank” ulgamy arkaly 13 million 304,1 müň manatdan gowrak nagt däl hasaplaşyklar amala aşyryldy.

Şeýle hem, bankomatlaryň üsti bilen ýerine ýetirilen nagt däl hasaplaşyklaryň umumy möçberi 274 million 364,4 müň manatdan we “Internet bank” ulgamy arkaly 1 million 628,7 müň manatdan geçdi.

Mundan başga-da, bankyň mälim eden maglumatlaryna görä, “Halkbank terminal” ulgamy arkaly 30 million 409,9 müň manatdan gowrak nagt däl pul dolanyşygy amala aşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Bank ulgamy: sanly hyzmatlaryň gerimi giňelýär
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň bank ulgamynyň işgärleriniň ÝÜZLENMESI
Milli manadymyz ýurdumyzyň berk binýady
Turkish Airlines awiapetekleri bronlamagyň dürli usullary barada habar berýär
Sport ― bir demde 10 habar (21-nji maý)
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag medaly bilen sylaglandy, Halkbank kartdan karta pul geçirmek hyzmatyny ýola goýdy, Burak Özçiwit Aşgabatda geçiriljek film festiwalyna gatnaşar we beýleki habarlar