Ýanwar-maý: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $455 milliondan geçdi

Ýanwar-maý: Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy $455 milliondan geçdi

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda 455,5 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň penşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 407,5 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 48 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň bäş aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 26,7 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 768,5 million ABŞ dollary möçberinde ýa-da 3 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 288 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň jahankeşdelik pudagy ösüş görkezdi
Türkiyede ýaşaýyş jaý satuwlary artdy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda Özbegistana eksportyny 54 göterim artdyrdy
Türkmenistan ýylyň birinji ýarymynda 4,81 milliard amerikan dollarlyk tebigy gazy Hytaýa eksport etdi
Türkmenistanyň 38 müňe golaý raýaty söwda we täjirçilik maksady bilen Özbegistanda saparda boldy
Türkmenistan özbek ýer hozuny esasy import edijileriň biri boldy