Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri barada hasabat berdi.
Hasabat döwründe bu toplum boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 124,8 göterime deň boldy. Şu ýylyň alty aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary boýunça ýük daşamagyň ösüş depgini 103,1 göterim, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 105,7 göterim berjaý edildi.
Şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Türkmendemirýollary agentligi boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüşi 105,4 göterime, Türkmenawtoulaglary agentligi boýunça 120,4 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe Arkadag şäherinde ulanmak üçin niýetlenen Yutong ZK6128BEVG kysymly elektrobuslar we JAC E-J7 kysymly elektromobiller hem-de KamAZ-6282 kysymly elektrobuslar we olara tok beriji enjamlar satyn alyndy.
Mundan başga-da, häzirki wagta çenli ýurda Toyota Coaster kysymly orta synply awtobuslaryň hem-de Toyota Hiace kysymly kiçi synply awtobuslaryň 100-den gowragy getirildi.
Türkmenhowaýollary agentligi boýunça ösüş depgini 291,4 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe täze satyn alnan Airbus A330-200 P2F kysymly 2 sany ýük uçarynda ykdysady taýdan has amatly we täze Aşgabat — Seul — Aşgabat, Aşgabat — Hanoý — Aşgabat ugurlary boýunça ýük howa gatnawlary amala aşyrylyp başlandy.
Türkmendeňizderýaýollary agentligi boýunça bu görkeziji 108,9 göterime barabar boldy.Hasabat döwründe Türkmenbaşy Halkara deňiz portuny dünýäniň ýaşyl portlarynyň sanawyna goşmak bilen baglanyşykly degişli işler geçirildi. Şonuň netijesinde, EcoPorts güwänamasy alyndy.
Türkmenaragatnaşyk agentligi boýunça ösüş depgini 112,2 göterime barabar boldy.Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri çözmek boýunça geçirilýän işler barada hem aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, ýurduň dürli künjeklerinde ulag-kommunikasiýa toplumyna degişli önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygy dowam edýär. Şu ýylyň 3-4-nji maýynda Aşgabatda Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2023 atly halkara maslahat we sergi, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy mynasybetli Arkadag şäheri — akylly we ýaşyl tehnologiýalar şäheri atly halkara maslahat geçirildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysadyýetiň pudaklaryna häzirki zaman tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmagy dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi we ilata Bir penjire elektron görnüşli dürli döwlet hyzmatlaryny ýola goýmak boýunça anyk görkezmeleri berdi.
Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň doly güýjünde ulanylmalydygyny belläp, döwlet Baştutany deňiz we derýa ulaglarynda daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmagyň, hyzmatlaryň täze daşary ýurt ugurlarynyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça degişli işleriň geçirilmelidigine ünsi çekdi.