2024-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky özara söwdanyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 58 göterim ýokarlandy.
Bu barada Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň mejlisiniň dowamynda mälim etdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.
Çärä Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy.
“Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda özüniň oňyn ösüş depginini görkezýär. Şu ýylyň ýedi aýynyň jemleri boýunça söwda dolanyşygynyň pul möçberindäki görkezijisi 58% ýokarlandy. Bu uly sepgitdir we biz bu ösüşi saklamaga çalyşýarys.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek üçin biz 2025-2027-nji ýyllarda ykdysady hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň taslamasyny işläp taýýarladyk. Ol häzir ylalaşmagyň jemleýji tapgyryndadyr” diýip, A.Owerçuk aýtdy.
Şeýle hem A.Owerçuk geljek ýylyň başynda toparyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini we onda gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmegiň meselelerine hem-de geljekki meýilnamalara garaljakdygyny belläp geçdi.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklarynyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowyň we Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçugyň duşuşyklary ikiçäk we giňişleýin düzümlerde geçirildi.
Duşuşyga gatnaşyjylar özara gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny, ulag, energetika we beýleki ulgamlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda saglygy goraýyş, ylym-bilim ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi. Hökümetara toparyň ozalky mejlisi 2022-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Moskwa şäherinde geçirilipdi.