21-nji dekabrda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa geljek ýylyň ýanwar aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.Bellenilişi ýaly, ýanwar aýynda welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Täze ýyl, Watan goragçylarynyň güni, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli maslahatlary, brifingleri, sergileri, döredijilik duşuşyklaryny we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär.
Täze ýylyň ilkinji aýynda guralmagy göz öňünde tutulýan esasy çäreleriň hatarynda baýramçylyk dabaralaryny, sahna oýunlarynyň görkezilişlerini, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde geçiriljek “Türkmenistan — ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly sport ýaryşlaryny görkezmek bolar. Şeýle hem Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebinde edermen esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül goýmak dabarasy geçiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda geljek ýylyň ilkinji aýynda geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegiň möhümdigini belläp, wise-premýere Watan goragçylarynyň güni bilen bagly çäreleri, Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk dabaralaryny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy. /* custom css */ .td_uid_15_676952fec7fd4_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_676952fec7fd4_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }