
Gündogar Gara deňizden ýanwar aýynda 532 tonna losos balygy eksport edilip 3 million 919 müň dollarlyk girdeji gazanyldy.
Gündogar Gara deňiz Eksportçylar mejlisiniň Deňiz önümleri komitetiniň başlygy Ismail Kobýa, sebitden üstümizdäki ýylyň birinji aýynda 7 ýurda 532 tonna losos balygynyň eksport edilendigini aýtdy.
Kobýa ady agzalýan eksportdan 3 million 919 müň 22 dollarlyk girdeji gazanylandygyny belledi.
Eksport sanawynda Russiýa 3 million 109 müň 918 dollar bilen esasy orun eýeledi.
Sanawda Russiýadan soň Wiýetnam 308 müň 254 dollar bilen ikinji, Ýaponiýa hem 228 müň 470 dollar bilen üçünji orun eýeledi.