
Gündogar Gara deňiz eksportçylar bileleşiginiň Dolanşyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary Ahmet Hamdi Gürdogan, Türkiýeden üstümizdäki ýylyň birinji aýynda 20 ýurda bal esport edendiklerini aýtdy.
2024-nji ýylyň ýanwar aýynda 611 tonna bal eksport edilip 2 million 530 müň 931 dollarlyk girdeji gazanylandygyny aýdan Gürdogan “Türkiýeden üstümizdäki ýylyň birinji aýynda bolsa 1341 tonna bal eksport edilip 4 million 150 müň 888 dollarlyk girdeji gazanyldy” diýdi.
Bal eksportunda 1 million 783 müň 701 dollar bilen ABŞ birinji orny eýeleýär.
Sanawda ABŞ-dan soň 637 müň 315 dollar bilen Germaniýa ikinji, 483 müň 189 dollar bilen Kanada hem üçünji orny eýeledi.