Ýanwar-aprel: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $288 milliona deň boldy

Ýanwar-aprel: Türkmen-özbek söwda dolanyşygy $288 milliona deň boldy

Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 2024-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda 288 million ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň çarşenbe güni çap eden hasabatynda maglumat berildi.

Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 257,8 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 30,7 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Özbegistanyň şu ýylyň dört aýyndaky umumy daşary söwda dolanyşygy 20,9 milliard ABŞ dollaryna deň bolup, 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1,2 milliard ABŞ dollary möçberinde ýa-da 5,9 göterim ýokarlandy.

Özbegistanyň Türkmenistan bilen daşary söwda dolanyşygy 2023-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 263,4 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmen-özbek söwda dolanyşygy 288 million dollardan gowrak boldy
Gepleşik, gepleşik, gepleşik... Türkmen-özbek gepleşikleri iş ýüzünde nähili netije berýär?
Onlarça etnik özbek studenti türkmen-özbek serhedinden geçirilmedi
Türkmenistanyň ençeme raýaty türkmen-özbek serhediniň arasynda galýar
Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidentini resmi sapar bilen Özbegistana çagyrdy
Türkmen-özbek gümrük nokatlarynyň arasynda sanly TIR ulgamy synagdan geçirildi