Ýanwar 2023: Russiýa 5 müň tonna türkmen pomidoryny import etdi

Ýanwar 2023: Russiýa 5 müň tonna türkmen pomidoryny import etdi

Russiýanyň Weterinariýa we fitosanitar gözegçilik federal gullugynyň (Rosselhoznadzor) Moskwa şäheri, Tula we Moskwa oblastlary boýunça edarasy 2023-nji ýylyň başyndan bäri Moskwanyň çägine Türkmenistandan 270-den gowrak ýük awtoulagynda getirilen ter pomidorlarynyň 5 müň tonnasyny barlagdan geçirdi.

Türkmen pomidorlarynyň rus bazarynda paýy uly bolup, olaryň eksporty ýylsaýyn artýar. Bu barada “Rosselhoznadzor” gullugynyň duşenbe güni ýaýradan metbugat beýanatynda habar berilýär.

Habarda bellenilişi ýaly, Bütinrussiýa ösümlik karantin merkeziniň hünärmenleri bu önümleriň karantin fitosanitar talaplaryna doly laýyk gelýändigini tassykladylar.

Bu önümler karantin fitosanitar gözegçiliginden üstünlikli geçirilenden soň, rus bazaryna dolanyşyga iberildi.

Türkmen pomidory esasan hem Russiýa, Gazagystana, Gyrgyzystana we Owganystana eksport edilýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň hususy hojalyklary 670 gektar ýyladyşhanalarda gök ekinleri ösdürip ýetişdirýärler.

Rosselhoznadzor Russiýada weterinariýa we oba hojalygy önümlerine gözegçilik edýän federal guramadyr. Bu gurama Russiýanyň Oba hojalyk ministrliginiň bir bölegidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan 2023-nji ýylyň başyndan bäri Moskwa sebitine 5 müň tonnadan gowrak pomidor iberdi
Türkmenistan Russiýanyň Ulýanowsk oblastyna 707,5 tonna goýun ýüňüni eksport etdi
Türkmenistandan Russiýa eksport edilen dokuz tonna pomidorda zyýankeş güýe tapyldy, ýene-de
Türkmen gök we miwe önümleriniň Russiýa eksporty 30% artdy
Täze ýyl arçalarynyň ilkinji tapgyry Türkmenistana iberildi
Türkmenistandan Russiýa Federasiýasynyň Ulýanowsk sebitine goýun ýüňüniň nobatdaky tapgyry eltildi