Ýanwar 2023: “Lebapgazçykaryş” 1,19 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

Ýanwar 2023: “Lebapgazçykaryş” 1,19 milliard kubmetrden gowrak tebigy gaz öndürdi

“Türkmengaz” döwlet konserniniň “Lebapgazçykaryş” müdirligi tarapyndan şu ýylyň ýanwar aýynda 1 milliard 19,3 million kubmetre tebigy gaz gazylyp alyndy.

Şeýlelikde, “Lebapgazçykaryş” müdirligi tebigy gaz öndürmek boýunça meýilnamany 104 göterim ýerine ýetirdi. Bu barada “Türkmengaz” döwlet konserniň resmi metbugat gullugy sişenbe güni habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, Kükürtli ulgam-önümçilik uçastogy boýunça tebigy gazyň çykarylyşy geçen aýda 846,9 million kubmetre barabar boldy.

Şeýle hem çykarylan gazyň bir bölegi Malaý-Bagtyýarlyk gaz geçirijisine ugradylýar. Bu gaz geçiriji boýunça geçen aýda 489 million kubmetr tebigy gaz sarp edijilere iberildi. Mundan başga-da bu turba geçiriji arkaly tebigy gaz Hytaýa akdyrylýar.

Ýene degişli makalalar

Gyzyllara garşy duran gozgalaňçylaryň Garagumda 'gömlen' kyssasy
26.07.2017 | Himiýa senagaty daşary ýurtdan getirilýän önümleriň ornuny tutmakda esasy orny eýeleýär
31.05.2018 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Tebigy gaz YBI-niň hünärmenleri hereket edýän we gurulýan desgalarda ekologiýa gözegçiligini geçirýärler
19.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: senagat