Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi!

Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi!

Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy Çagalary goramagyň halkara gününe bagyşlap, Ýaňlansyn dünýäde çaga gülküsi! ady bilen Älem medeni-dynç alyş merkezine gezelenç geçirdi.

Gyzykly gezelenje dürli ýaşdaky çagajyklar gatnaşdy. Bagtyýar çagajyklar ajaýyp çagalygy, erkana Watanymyzy wasp edýän goşgulary uly höwes bilen aýdyp berdiler. Binanyň muzeýine aýlanyp dürli täsinlikleri gördiler, oýun zalynda wagtlaryny gyzykly geçirdiler. Baýramçylyk mynasybetli çagalara sowgatlar gowşuryldy. Şeýle-de kitaphanamyzyň hünärmenleri gurnalan göçme sergide ýerleşdirilen birnäçe ertekileri çagajyklara okap berdiler.

Gyzykly gezelenjiň ahyrynda ýaş nesilleriň erkana ulalmagy, ylymly-bilimli, sagdyn, berk bedenli bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabadyň çagalar baglarynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Açyk gapylar güni geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Aşgabatda Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi
Döwlet çagalar kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi