Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň çäklerinde guralýan Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa sebitiň şäherdir etraplarynda bolan deslapky gözden geçirilişlerde öňe saýlanan estrada aýdymçylaryň 10-sy gatnaşdy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki meýdançada ýaşlar halk heňleri, estrada aýdymlary ýerine ýetirdiler.
Tomaşaçylardyr eminler olaryň ukyp-başarnygyna, zehinine, ezberligine göz ýetirdiler. Bäsleşikde aýdymlaryň saýlanyp alnyşyna, ýerine ýetirilişine, aýdymçylaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymyň sözlerini dürs aýdyşlaryna aýratyn üns berildi.
Ýurduň halypa sungat ussatlaryndan düzülen eminler toparynyň gelen netijesine görä, Akdepe etrap medeniýet merkeziniň çeper höwesjeňleri Aýşat Myradowa hem-de Orazguly Jollyýew joşgunly owazlary, ýakymly labzy we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen öňe saýlandylar. Olar bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.