Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi

Edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, şeýle hem höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň çäklerinde guralýan Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýat tapgyry geçirildi. Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki ajaýyp meýdançada geçirilen welaýat tapgyry tolgundyryjy pursatlara baý boldy. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Sahnada günbatar sebitiň etrap-şäherlerinden deslapky gözden geçirişlerde saýlanan zehinli ýaş estrada aýdymçylarynyň 10-sy ýokary ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Olar köp sanly tomaşaçylaryň we talapkär emin agzalarynyň öňünde öz döredijilik ukyplaryny, zehin-başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler.

Habarda bellenilişi ýaly, täsirli hem şowhunly geçen bäsleşige gatnaşan aýdymçylaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, aýdymlaryň döwrebaplygy, milliligi we çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahalaryna mynasyp boldy.

Balkanabat şäherinden Guwanç Toýçyýew bilen Türkmenbaşy etrabyndan Hally Babaýew has-da tapawutlanmagy başaryp, Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň ýurt derejesinde geçiriljek jemleýji tapgyrynda çykyş etmäge hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Balkan welaýaty boýunça jemleýji tapgyry geçirildi
JUWAN KALPLARYŇ JOŞGUNY
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmeniň Altyn asyry bäsleşigini yglan etdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşik yglan edildi
BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY