Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki Aşgabat monumentinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäginde höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda geçirilýän Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyry geçirildi.

Türkmenistanda her ýyl zehinli ýaşlaryň ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän bäsleşigiň Aşgabat şäher tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan ýaşlaryň onusy gatnaşdy.

Bäsleşige gatnaşan ýaşlar düzgünnama laýyklykda, iki aýdymy ýerine ýetirdiler. Olar birinji aýdymy sazly, ikinjini bolsa sazsyz ýerine ýerine ýetirip, öz ukyp-başrnyklaryny görkezdiler. Eminler topary bolsa, bäsleşigiň dowamynda ýaş aýdymçylaryň geýnişine, olaryň sahnada özlerini alyp barşyna, aýdymlaryň sözleriniň dürs aýdylyşyna baha berdiler.

Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşiginiň Aşgabat şäher tapgyrynyň ahyrynda eminler toparynyň gelen netijesine laýyklykda, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Gurbanmyrat Nuryýew bilen Aşgabat şäheriniň 132-nji orta mekdebiniň mugallymy Hezretguly Guldurdyýew ýeňijiler diýlip yglan edildi. Olar Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Belläp geçsek, Türkmenistanda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň arasynda Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşigi 1992-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýär. Bäsleşigiň 2022-nji ýyldaky ýeňijileri bilen bolsa, şu ýerden tanşyp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň Aşgabat şäheri boýunça jemleýji tapgyry geçirildi.
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Arkadag şäherinde V Wena baly geçirildi
Türkmenistanyň Prezidenti Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrabynyň täze häkimini wezipä belledi