Ýaňlan, Diýarym! — 2023-niň Mary welaýat tapgyrynda murgaply we tagtabazarly bagşylar ýeňiş gazandylar

Ýaňlan, Diýarym! — 2023-niň Mary welaýat tapgyrynda murgaply we tagtabazarly bagşylar ýeňiş gazandylar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň Altyn asyry atly bäsleşiginiň çäklerinde yglan edilýän Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşiginiň Mary welaýat tapgyry Türkmeniň ak öýi binasynyň öňündäki giň toý meýdançasynda geçirildi.

Bäsleşige etrap, şäher tapgyrlarynda ýeňiş gazanyp, öňe saýlanan ýaş höwesjeň aýdymçylaryň 10-sy gatnaşyp, ruhubelentlik bilen çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistan gazetiniň şu günki sanynda habar berildi.

Bäsleşigiň dowamynda aýdym-saza höwesli ýaş zehinleriň sahnada özlerini alyp baryşlaryna, egin-eşiklerine, aýdymlaryň sözlerini dogry aýdyşlaryna eminler topary tarapyndan mynasyp baha berildi.

Şeýlelikde bäsleşikde ýaş zehinli aýdymçylaryň ikisi — Murgap etrabynyň Oguzhan şäherçesiniň medeniýet merkeziniň aýdymçysy Nurýagdy Bekiýew hem-de Tagtabazar etrabyndan höwesjeň aýdymçysy Tylly Çaryýewa ýeňiji diýlip yglan edildi. Olar Ýaňlan, Diýarym! — 2023 telebäsleşiginiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Ýene degişli makalalar

Ýaňlan, Diýarym! telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
Ýaňlan, Diýarym! 2023 telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmeniň Altyn asyry bäsleşigini yglan etdi
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi
Aşgabatda Ýelena Oreşkinanyň konserti geçirildi
Döwlet çagalar kitaphanasynda döredijilik duşuşygy geçirildi