Ýangynlary söndürmek üçin ykjam diň

Kanadanyň meşhur “Wildfire Innovations Inc.” kompaniýasy “RainStream” atly 30 metrlik ykjam ýangyn diňini döretmegiň hötdesinden geldi.Bu belent teleskopiki gurnama binalary goramak, tokaý ýangynlaryny söndürmek, aýratyn hem ýangyna garşy päsgelçilikleri döretmek üçin niýetlenilip, bu diňi agramy 1 tonna golaý bolan islendik bir ulagyň kömegi bilen daşap, ähli ilatly nokatlara alyp gidip bolýar.

Bu “RainStream” atly ykjam ýangyn diňi töwerekde ýangyn söndüriji duman döretmek ýa-da suw akymyny belli bir ugra gönükdirmek üçin 360 gradus aýlanyp bilýän pürküji kelle bilen enjamlaşdyrylan bolup, onuň dizle ýangyjynyň bir bagy 40 sagada golaý işlemek üçin ýeterlikdir.

Minaranyň iň uly aýratynlyklarynyň biri hem ol 3,25-8 gektar bolan meýdana “ýagyş ýagdyrmaga” ukyply bolmagydyr. Şeýle hem şol bir wagt aralygynda ony 2 adamdan ybarat toparyň tagallasy netijesinde 40 minutdan hem az wagtyň dowamlylygynda gurnap hem-de işe girizmek mümkin.

Bu ýangyn söndüriji diňleriň onümçiligine kompaniýa şu ýyldan başlamagy, 2025-nji ýylyň ýaz paslynda alyjylara ugratmagy meýilleşdirýär.Mundan başga-da “RainStream” ýangyn diňiniň stasionar görnüşiniň hem işlenilip düzülmegi ýakyn geljekde nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda, şeýle hem ýangyn howpy ýokary derejede bolan beýleki ýerlerde ýerleşýän birnäçe ägirt uly toplum desgalary goramak üçin awtomatik usulda işjeňleşdirilmegine we dolandyrylmagyna uly itergi berer.

Mährem BABAMYRADOWA,

TMÝG-nyň Hojambaz etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy

Ýene degişli makalalar

Galata Minarasy
Volkswagen-iň mahabat diňleri
Türkmenistan BMG bilen gatnaşyklaryň gün tertibini giňelder, repçi Emin Rasen Aşgabatda konsert berdi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan 2023-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemi jemlendi we beýleki habarlar
Şu gün Türkmenistanda Arkadag şäheri açylýar
ЗАЛОЖЕН ФУНДАМЕНТ ГЛАВНОЙ МЕЧЕТИ АХАЛСКОГО ВЕЛАЯТА
Gazagystanyň öňki prezidenti Nursoltan Nazarbaýew wideýo ýüzlenme bilen çykyş etdi