Ýangyjy nädip tygşytlamaly?

Sürüjiler üçin awtoulagyň ulanýan benzin mukdaryny tygşytlamak wajypdyr. Şulary amala aşyrmak arkaly awtoulagyňyzyň sarp edýän ýangyjyny tygşytlap bilersiňiz:

1. Aerodinamikany göz öňünde tutuň! Şemala garşy sürmegiň ýa-da ýokary tizlikde sürmegiň howa bilen ulagyň arasyndaky sürtülmäni ýokarlandyrýandygy üçin köp ýangyç ulanylýar. Şol sebäpden hem ýokary tizlikde sürýän wagtyňyz penjireleri ýapmagy ýatdan çykarmaň! Awtoulagyň üçegindäki artykmaçlyklary aýyrmak arkaly benzini bir ýylyň dowamynda 20 göterim azaldyp bilersiňiz.

2. Yzygiderli barladyň! Ulagyň hereketlendirijisiniň we beýleki enjamlarynyň yzygiderli barlagdan geçirilmegi benzin tygşytlamak babatynda ähmiýetlidir. Esasan hem, ulanylýan motor ýagynyň dogry saýlanmagy wajypdyr.

3. Endigan sürüň! Tormozy näçe az ulandygyňyzça benzini şonça az ýakarsyňyz. Ýola belet bolmak we sürüjileriň endiklerinden habarly bolmak ulagyňyzy has düşünjeli ulanmagyňyza getirer. Ýoluň islendik ýerinde beýleki sürüjileriň hereketlerini öňünden çaklamak endigan sürmegiňize kömek eder. Bu bolsa benzini tygşytlar. Birden tizligi ýokarlandyrmak ýa-da birden duruzmak ýangyjyň artykmaç ulanylmagyna sebäp bolýar.

4. Tekerleri gözegçilikde saklaň! Gurat tekerler howpsuz sürmek we benzini tygşytlamak babatynda ähmiýetlidir. Esasan hem, tekerleriň ýel we basyş derejesini yzygiderli gözegçilikde saklaň! Tekerleriň ýeli kadaly bolsa, ýangyjy 2 göterim tygşytlap bilersiňiz.

5. Haýallaň! Ýokary tizligi bolan ýollarda tizligiňizi sagatda 130 kilometrden, 115 kilometre düşürmek benzini 25 göterime çenli tygşytlamagyňyza kömek eder. Has kiçi ýollardyr köçelerde bolsa, sagatda 100 kilometr tizlikden aşakda sürmek ýangyjy 10 göterime çenli tygşytlar.

6. Manual ulaglar has tygşytly! Awtomatlaşdyrylan awtoulaglar manuallaryna görä, 10-15 göterim köp benzin ýakýar. Emma häzirki wagtda ekologiýany arassa saklamak maksady bilen, has awtomatlaşdyrylan ulaglary ulanmak meşhurlyk gazanýar. Şol sebäpden hem, şeýle ulaglarda dürli tizlikleri barlap görmek arkaly ýangyç ulanmagyňyzy sazlap bilersiňiz.

7. Awtoulagyňyzy sürmäň! Ýangyç tygşytlamakda awtoulagsyz hereket etmek umumy maslahat ýaly görünse-de ulagyňyzy sürmän, jemgyýetçilik ulaglaryndan peýdalanmak, welosiped sürmek ýa-da pyýada hereket etmek ýangyjy tygşytlamagyňyza ýardam berer. Şeýle hem ekologiýany arassa saklamaga goşant goşar.

The post Ýangyjy nädip tygşytlamaly? appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Maýottada deňiz harasaty sebäpli 14 adam heläk boldy
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda gar ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda garyň ýagmagyna garaşylýar
Türkmenistanda howa öňümizdäki üç günüň dowamynda ýene garly we aýazly bolar
Asmandaky pamyklar