Ýangyç ‑ energetika toplumy döwrebaplaşdyrylýar

9-njy sentýabrda hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.Bu waka ýurdumyzyň energetika strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädimi alamatlandyrdy, energetika pudagynyň kärhanalaryny tehnika we tehnologiýa taýdan täzeden enjamlaşdyrmak, giň görnüşli nebithimiýa önümlerini öndürýän döwrebap düzümi, ylma esaslanýan önümçilikleri döretmek onuň esasy ugurlary bolup durýar.

TNGIZT-de gurulýan gaz turbinaly energiýa desgalary Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny 2030-njy ýyla çenli ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda bina edilýän täze desgalary elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmäge ýardam berer.

Bu ugurda bellenilen meýilnamalaryň amala aşyrylmagy sebitleri senagatlaşdyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmagyň depginlerini güýçlendirmäge mümkinçilik berer. Bularyň ählisi milli Liderimiziň belleýşi ýaly, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, türkmen halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlanmagyna hyzmat eder.

…Ir bilen dabaranyň geçiriljek ýerinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Hormatly Prezidentimiziň awtoulagy gurluşyk meýdançasynyň ýanynda saklanýar. Balkan welaýatynyň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda guralan aýdym-saz we tans çykyşlary bu günki waka aýratyn öwüşgin çaýdy.

Hormatly Prezidentimiz dabara gatnaşýanlaryň we myhmanlaryň ýygnanan binasyna barýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde çykyş edip, Türkmenistan Bitaraplygyň mekany diýlip atlandyrylan ýylda berkarar Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramynyň öňýanynda geçirilýän şu günki möhüm ähmiýetli waka Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda täze desgalaryň düýbüniň tutulmagy bilen hemmeleri tüýs ýürekden gutlady.

Bilşimiz ýaly, biziň güneşli Diýarymyz tebigy baýlyklara örän baý ýurt, şol baýlyklary il-ýurdumyzyň bähbidine netijeli ulanmak üçin biz köp işleri amala aşyrýarys.Häzirki döwürde bu ugurda netijeli geologiýa-gözleg işlerini geçirmek, nebitli we gazly ýataklary gözläp tapmak möhüm wezipeleriň biridir.

Egsilmez tebigy baýlyklarymyzy senagat taýdan özleşdirmek, uglewodorod serişdelerini daşarky bazarlara ibermegi häzirki zaman şertlerine laýyklykda diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek döwrüň talabydyr diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Önümçiligi döwrebap enjamlaşdyrmak bilen innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, bäsleşige ukyply önümleriň möçberini hem-de görnüşlerini has-da artdyrmak, önümçilik tapgyrlarynda emele gelýän ugurdaş gazlary netijeli ulanyp, olardan dünýä bazarlarynda geçginli harytlary öndürmek döwletimiz üçin örän peýdalydyr. Netijede, ekologiýa taýdan arassa önümçilik ulgamyny döretmek ýurdumyza hemmetaraplaýyn bähbitlidir.

Şu wezipelerden ugur alyp, biz ýurdumyzyň senagat merkezleriniň birine öwrülýän Balkan welaýatyny hem toplumlaýyn esasda ösdürýäris. Amatly geologiýa we geografiýa şertlerimize esaslanyp, sebitde tebigy gazy gaýtadan işlemäge niýetlenen iri senagat taslamalaryny durmuşa geçirmäge aýratyn ähmiýet berýäris.

Bular barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýa goýumlarynyň hasabyna gurlup, ulanylmaga berlen Gyýanlydaky polimer hem-de Garabogazkarbamid zawodlaryny mysal getirdi.

Bu zawodlaryň işe girizilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň senagat taýdan ösen ýurda öwrülýändiginiň anyk mysalydyr. Berkarar Watanymyzyň tebigy baýlyklaryny mähriban halkymyzyň bähbidine gönükdirmek babatda alyp barýan giň gerimli işlerimiziň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz nygtady.

Soňra döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz Diýarymyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna laýyklykda, ýurdumyzyň senagat kärhanalarynyň, şol sanda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň öňünde hem belent wezipeler goýuldy. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem täze tehnologik desgalary gurmak, abat saklamak we bökdençsiz işletmek möhüm bolup durýar.

Biz şu wezipelerden ugur alyp, häzir zawodlar toplumynda taslama kuwwaty 70 MWt/sagat bolan iki sany täze gazturbinaly elektrik stansiýasynyň gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berýäris.

Zawodlar toplumy üçin möhüm ähmiýeti boljak bu desgalaryň gurluşygyny Türkiýe Respublikasynyň Çalyk Enerji kompaniýasy amala aşyrar. Täze desgalar Ýewropa ýurtlarynyň öňdebaryjy kärhanalarynda öndürilen örän kämil enjamlar bilen üpjün edilip, 18 aýyň dowamynda ulanmaga doly taýýar edilip tabşyrylar.

Bu täze desgalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi zawodlar toplumynda ozal hereket edip gelýän hem-de ýokarda agzalan Prezident Maksatnamasynda göz öňünde tutulyp, geljekde işe giriziljek tehnologik desgalary elektrik energiýasy bilen üznüksiz hem-de ygtybarly üpjün etmäge ýardam eder diýip, milli Liderimiz aýtdy.

Şolaryň biri hem häzirki döwürde zawodlar toplumynda gurluşygy alnyp barylýan Haýal kokslandyrma we gudronyň deasfaltizasiýa desgasydyr. Bu desganyň işe girizilmegi nebiti düýpli gaýtadan işlemegiň hilini has-da ýokarlandyrmak bilen bir hatarda, suwuklandyrylan gazyň, benziniň, dizel ýangyjynyň we nebit koksunyň zerur möçberlerini öndürmäge we goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Şular ýaly möhüm taslamalar durmuşa geçirilende biz ekologiýa talaplaryna, önümçilige ösen tehnologiýalary ornaşdyrmaga uly ähmiýet berýäris diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Hut şunuň netijesinde, daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikde gurýan iri senagat, nebitgaz we himiýa önümçiliklerimiz abraýly halkara guramalarynyň ýokary hil derejesine mynasyp bolýar. Bu desgalar innowasion çözgütlere we ekologiýa talaplaryna doly laýyk gelýändigi baradaky güwänamalary alýar. Munuň özi, elbetde, biziň üçin örän buýsandyryjy ýagdaýdyr.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlary şu günki şatlykly waka Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň düzüminde täze desgalaryň düýbüniň tutulyp, gurluşygyna we hereket edýän elektrik bekediniň durkuny täzelemek işlerine badalga berilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady, hemmelere berk jan saglyk, uzak ömür, mähriban Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň müdiriýetiniň başlygy Ahmet Çalyga söz berildi. Işewür hormatly Prezidentimize şu şanly waka mynasybetli dabara hut özüniň gatnaşýandygy üçin çuňňur hoşallyk bildirip, öz ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň ýurdumyzyň elektrik energetikasyny ösdürmek boýunça taslamalara gatnaşýandygyna buýsanýandygyny belläp, bu täze taslamany bellenilen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalary etjekdigine hormatly Prezidentimizi ynandyrdy.

Soňra Lukoýl açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň (Russiýa Federasiýasy) ýolbaşçysy Wagit Alekperow çykyş edip, hormatly Prezidentimize myhmansöýer türkmen topragyna gelip görmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Işläp gelýän ýyllarynyň dowamynda Lukoýl kompaniýasy öňdebaryjy tejribeleri, bilimleri we tehnologiýalary, şol sanda Hazar ýalpaklygyny özleşdirmekde tejribeleri toplady we Türkmenistanyň senagat kuwwatyny güýçlendirmäge ýardam etjek özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny belledi.

Soňra bu ýere ýygnananlara Merkezi Aziýanyň hem-de Hazar sebitiniň örän iri senagat kärhanalarynyň hatarynda mynasyp orun eýeleýän Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik mümkinçilikleri bilen gysgaça tanyşdyrýan wideofilm görkezildi.

Wideofilm tamamlanandan soň, milli lybas geýen mekdep okuwçylary sahna çykýarlar. Olar hormatly Prezidentimizi joşgunly garşylaýarlar, milli Liderimize berk jan saglyk, köpugurly işlerinde uly üstünlikler arzuw edýärler. Döwlet Baştutanymyz çagalaryň haýyşy boýunça şu günki şanly waka mynasybetli geljekki nesillere ýüzlenilen ýadygärlik ýazga gol çekýär hem-de ony ýörite guta ýerleşdirýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň täze energiýa desgalarynyň düýbüniň tutulýan ýerine gelýär. Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalarynda döwlet Baştutanymyz geljekki binalaryň binýadyna türkmenistanlylaryň geljekki nesillerine ýüzlenilen ýörite gutyny goýýar.

Emele gelen asylly däbe görä, milli Liderimiz täze desganyň binýadyna pil bilen ilkinji betony guýup, gurluşyga badalga berýär, munuň özi ýygnananlar tarapyndan ägirt uly joşgun we şatlyk bilen kabul edilýär.

Nebitgaz senagaty uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýalaşdyrmaga uly maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Ylmy-tehniki ösüşiň soňky gazananlarynyň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň işjeň ornaşdyrylmagy netijesinde pudagyň innowasiýa ösüşi üpjün edilýär, biziň ýurdumyzyň dünýädäki energetika döwleti hökmündäki orny berkidilýär.

Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz hemmeleri şu günki şanly waka bilen ýene bir gezek gutlap, olar bilen mähirli hoşlaşdy hem-de Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menziline baryp, bu ýerden paýtagtymyza ugrady.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Lukoýl açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Lukoýl Hazaryň türkmen kenarynda täze taslamalary amala aşyrmaga taýýar
Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi
Berdimuhamedow Lukoýl AGPJ-niň ýolbaşçysyny kabul etdi
“Lukoil” 2022-nji ýylyň ahyrynda Hazardaky “Graýfer” ýatagyny işe girizer
Türkmen Lideri we “Lukoýl”-yň başlygy energiýa serişdelerini özleşdirmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Lukoýl açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi