26-njy iýulda Türkmenistanyň Türkiýedäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Mekan Işangulyýew bilen Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Aýşe Berris Ekinjiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda taraplar gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ikitaraplaýyn syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyny ösdürilmeginiň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle hem söhbetdeşler şu ýylyň dowamynda ýokary derejedäki meýilleşdirilen saparlara we duşuşyklara aýratyn üns berdiler.
Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň habar bermegine görä, diplomatlar, ýangyç-energetika pudagyndaky türkmen-türk hyzmatdaşlygynyň meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň depginini ýokarlandyrmagyň we energetika hem-de ulag pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirilmeginiň ýollary boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da, Gündogar edebiýatynyň beýik nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikde çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle-de, taraplar halkara we sebitara gün tertibindäki meseleler barada pikir alyşdylar.