Ýandeks täzelik agregatoryndan ýüz öwrer we täze baş sahypa hökmünde ya.ru ösdürer. Bu barada sişenbe güni, 23-nji awgustda kompaniýanyň metbugat gullugynda habar berdiler.
Media aktiwlerini — Dzen-i we Täzelikleri satmak boýunça geleşik ýapylandan soň, ya.ru gözlege, poçta we kompaniýanyň beýleki hyzmatlaryna, şol sanda ulanyjynyň Ýandeks ID şahsy otagyna hem girmegiň esasy nokady bolar — diýip, relizde aýdylýar.
Täze sahypanyň özeni Gözleg bolar diýip, kompaniýada düşündirdiler.Nämäni we nireden gözlemek üçin ya.ru-da uniwersal gözlegden peýdalanmak mümkin bolar.Mundan hem başga, gözleg wertikallary diýilýänler işlär.
Olar surat ýa-da haryt tapmaga ýardamçy bolarlar.Gyzyklandyrýan sowallara dessin jogap almaga Alisa kömek eder.VK kompaniýasy Dzeniň we Täzelikleriň satyn alynýandygyny habar berdi.Geleşik 2022-nji ýylyň ahyryna çenli ýapylar diýip garaşylýar. Şondan soň VK-nyň tehnologiýalara we şol hyzmatlaryň haryt belgilerine hukugy bolar.