Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar

Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar

Pýotr Ýan we Hamzat Çimaýew UFC 273 turnirinde eden çykyşlary üçin kriptowalýutada bonuslary gazandylar. Türgenlere baýragy özara hyzmatdaşlyk ylalaşygynyň çäklerinde UFC bilen Crypto.com bilelikde gowşurar.

7-nji aprelde kriptowalýutany çalyşmak boýunça platforma turniriň iň oňat üç sany pälwanynyň tomaşaçylaryň sesleriniň netijeleri boýunça bitkoinde $30 müň aljakdyklaryny mälim etdi.Ses berlişikde birinji ýer alan pälwan $30 müň alar, beýleki ikisi bolsa, degişlilikde $20 müň we $10 müň alarlar.

Netijede, janköýerler Çimaýewe birinji ýeri berdiler. Ýan üçünji ýere düşdi, ikinji ýeri bolsa awstraliýaly Aleksandr Wolkanowski aldy. Çimaýew UFC 273 turnirde braziliýaly Gilbert Býornsi utdy. Ýan aşa ýeňil agramda UFC-niň çempionynyň guşagyny almak ugrundaky titul üçin tutluşykda, eminleriň karary bilen, amerikaly Aljameýn Sterlingden utuldy.

Wolkanowski günorta koreýaly Çon Çhan Sondan üstün çykyp, ýarym ýeňil agramlykda UFC-niň çempionynyň titulyny üçünji sapar gorady.Crypto.com - kriptowalýutany çalyşmak boýunça elektron platforma.UFC-den başga-da, ol "Formula-1" yzygiderli ulag çapyşyklary, italýan futbol A Seriýasy, "Filadelfiýa Sewenti Siksers" basketbol kluby, "Monreal Kanadiens" hokkeý topary we "Pari Sen-Žermen" futbol kluby bilen hyzmatdaşlyk ylalaşyklaryny baglanyşdy.

Ýene degişli makalalar

Çimaýew Býorns söweşi 9-njy aprelde UFC 273-de geçiriler
Hamzat Çimaýew UFC-niň taryhynda özboluşly üstünlik gazandy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
UFC ýeňil agramda Oliweýra Getji titul söweşini tassyklady
Çimaýew UFC 273-de Býornsden üstün çykdy
Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi