Ýamaýka, Palestinany döwlet hökmünde resmi taýdan ykrar edendiklerini mälim etdi.
Ýamaýkanyň Daşary işler we Söwda ministri Kamina Jonson Smit, metbugata beren beýannamasynda, Ýamaýkanyň uzak wagtdan bäri dowam edýän Ysraýyl-Palestina çaknyşygynyň bes edilmegi üçin iki döwletli çözgüde goldaw bermäge dowam edýändigini nygtady.
Ministr Smit, düýn geçirlen Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beren beýannamasynda, Palestinany döwlet hökmünde ykrar edýän kararyň kabul edilendigini ýatlatdy.
Sebitde dartgynlygyň azaldylmagy we yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy baradaky tagallalara goldaw bermäge dowam edýändiklerini aýdan Smit, taraplara dartgynlygyň diplomatiýa arkaly çözülmegi üçin çagyryş bedi.
Barbados hökümeti hem 20-njy aprelde Palestinany döwlet hökmünde ykrar edipdi.