24-nji noýabrda Urugwaýda geçirilen Prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda “Giň front” bileleşiginiň dalaşgäri Ýamandu Orsi ýeňiş gazandy.Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw topary habar berdi.Orsi üçin 942 müň 470 (49 göterim) saýlawçy ses berdi.
Onuň bäsdeşi, dolandyryjy merkezi sagçy “Blanko” partiýasynyň dalaşgäri Alwaro Delgado bolsa, 898 müň 767 (46 göterim) adam tarapyndan goldanyldy.Delgado saýlawda ýeňilendigini boýun aldy we bäsdeşini gutlady.Urugwaýyň häzirki Prezidenti Luis Lakalýe Pou hem Orsini ýeňşi bilen gutlady.
Saýlawlara gatnaşyk 90 göterime deň boldy. 2015-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli Kanelones departamentiniň häkimi bolup işlän Yamandu Orsi, jenaýatçylyga garşy göreşi özüniň ileri tutulýan ugurlaryň biri hasaplaýar.
Syýasatçy täze iş orunlaryny döretmegi we pes girdejili işçiler üçin aýlyk haklaryny ýokarlandyrmagy wada berýär.Ol daşary syýasatda, sebit guramalarynyň çäklerinde integrasiýa proseslerini çaltlaşdyrmagyň zerurdygyny ileri tutýar.Urugwaýyň saýlanan Prezidentiniň kasam kabul ediş dabarasy 2025-nji ýylyň 1-nji martynda bolar. 27-nji oktýabrda Urugwaýda Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyryny geçirilip, ýeňiji belli bolmandy.
Saýlawlarda iň köp ses alan Orsi boldy, Delgado ikinji orny eýeledi, “Kolorado” partiýasyndan dalaşgär Andres Ojeda üçünji orny eýeledi.Urugwaýyň döwlet ýolbaşçysy bäş ýyl möhlet bilen saýlanýar.Dalaşgäriň saýlawlaryň birinji tapgyrynda ýeňiş gazanmagy üçin saýlawçylaryň has köp sesine eýe bolmagy hökmany hasaplanýar.
Urugwaý Günorta Amerikanyň günorta-gündogar böleginde ýerleşýän ýurt bolup, demirgazykda Braziliýa, günbatarda hem Argentina bilen araçäkleşip, günorta-gündogar kenarlaryny Atlantik ummany ýuwýar. Ýurduň ilaty 3 million 471 müňden gowrak adama deň. /* custom css */ .td_uid_15_674468fb9f8ba_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_674468fb9f8ba_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }