Ýaltalygyň dermany

Erteki

Gadym zamanlarda bir täjiriň iki ogly bolupdyr.Olar çagalykdan belli bir hünäre ugrukdyrylmansoň, hiç zat etmän ulalypdyrlar.Bir gün zähmet çekmegi endik edinmedik, bir äheňli durmuşdan halys surnugan täjiriň ogullarynyň ahyrsoňy işdäsi hem kesilip, horlanyp ugrapdyrlar.

Täjir ýaltalykdan igläp, nähoşluga uçran ogullarynyň sagalmagy üçin tebibe ýüz tutýar.Tebip gelip, her näçe em etse-de, olary ysgyn-mydara getirip bilmeýär.Alaç tapmadyk täjir ahyrsoňy ogullarynyň derdiniň dermanyny özleri tapmagy üçin olary gözlege ugradýar.

Kakasy bilen hoşlaşyp, kerwene goşulan ýigitler ençeme menzili külterlänsoňlar, ekin meýdanynda işläp ýören daýhana gabat gelýärler. Şul-a bihal adam däl bolara çemeli, gel şu daýhandan derdimize derman soraly diýip, oýlanan täjiriň ogullary düýeden düşüp, daýhana tarap ýönelýärler:

Salawmaleýkim, ýaşuly! Soňky wagtlar näme üçindir biziň işdämiz kesilip, ysgyn-deramatymyz galmady. Şoňa görä-de gaty horlanyp ugradyk. Indi biz köp wagtdan bäri derdimize derman gözläp ýörüs. Eýsem, siz işdäňi açýan dermany tapyp boljak ýeri salgy berip bilmersiňizmi? diýip, daýhandan maslahat soraýarlar.

Daýhan olaryň ýüzüne içgin garap:

Ýigitler, men şeýle dermanyň nirede bardygyny salgy bererdim welin, arman meniň işim köp. Men häzir şu meýdany sürüp, bugdaý ekmekçi. Işimi dynanymdan soň, belki-de dermanyňyzyň ugruna çykarys diýip, jogap berýär.

Onuň bu jogabyna imrinen ýigitler, daýhanyň işini basymrak dynmagy üçin tizden-tiz kömekleşmeli diýen karara gelýärler. Olar daýhana ýüzlenip:

Ýaşuly, biz saňa kömek edeli! Basymrak işleriňi dynanymyzdan soň bolsa, şo diýilýän işdä açýan dermany nireden tapyp boljakdygyny bize salgy ber! diýýärler.

Daýhan olara syr bildirmän, öküze goşulan künde bilen giden ýeri sürmegi tabşyryp öýüne gaýdýar. Ol öýüne gidip bugdaý tohumyny getirýänçä, ýigitler bugdaý ekiljek meýdany sürüp, pelini çekýärler. Soňra ýere däne sepip, suw tutuşan oglanlar kölegede özlerini synlap oturan daýhanyň ýanyna gelip, ähli işi dynandyklaryny aýdýarlar. Daýhan olara taňryýalkasyn aýdyp, şeýle diýýär:

Oglanlar, indi garaňky gatlyşdy. Bu gün işläp bildiňiz. Bu gün meniň myhmanym boluň! Enşalla, ertir dermanyňyzyň ugruna-da çykarys diýip, olary öýüne alyp gaýdýar.

Daýhanyň aýaly saçaga agşamlyk naharyny goýup, myhmanlara hyzmat edýär. Agşamlyk naharyny edinen oglanlar işdäleriniň açylanyna geň galyp, nahara nähili dermanyň goşulandygyny soraýarlar. Daýhan ýylgyryp:

Ogullarym, nahara goşulan zat ýok. Bu bir adaty nahar. Siziň gözleýän dermanyňyz nahar bilen bagly däl-de, zähmet bilen bagly. Siz uzakly gün meýdanda zähmet çekip, bugdaý ekdiňiz. Şonuň üçin işdäňiz hem açylyp, özüňize geldiňiz. Bilseňiz, zähmet ähli derdiň dermanydyr. Şol sebäpli ýaltalygy bir gyra goýup, zähmet çekmegi özüňize endik ediniň! diýip, oglanlaryň gözleýän dermanynyň syryny äşgär edýär.

Iş aşa çeker, ýaltalyk başa

Ýene degişli makalalar

Saglygym baýlygym
Daşoguzda çagalary sünnet edýän tebiplere garşy göreş güýçlendi, Maryda bu amaly öýde edýän lukmanlar yzarlanýar
Aşgabadyň hususy dermanhanalarynda dermanlaryň nyrhlary görkezilmeýär
Watan başlarymyzyň täji
Dowam edýän gytçylyklar dermanyň 'gara bazaryny' güýçlendirýär